2
Yorum
0
Beğeni
5,0
Puan
1800
Okunma

Dilber çekme eliń zar etme meni
Yüregim aglatma soldurma güli
Näziń çekdirip ỳandyrma güni
Söỳỳärin dilberim söỳỳärin seni
Hassa bolsam sensiń meniń lukmanym
Janyma melhemsiń emimsiń meniń
Ỳalançy dünỳede aldyrman awym
Garaja gözleńi söỳỳän dilberim
Adyń özi arşdan inen kelime
Uzyn inçe boỳńa ỳetmez bir bende
Näz bilen bakyşyń bardyr bir sende
Mende seniń sözleriń bar dilberim
Gara gözleriń ỳaşyl ỳaz ỳaly mańa
Seni görsem gijeler öwrülmez dańa
Tenim ysmaz boldy zülpüńden ỳańa
Başga güli söỳebilmen dilberim
Asmandan sorasam söỳer ol diỳỳär
Yazan goşgulamy söỳjegiń bilỳän
Seniń ejizje kalbyńy duỳỳan
Azymyń kalby sendedir dilber
5.0
100% (2)