1
Yorum
0
Beğeni
0,0
Puan
1239
Okunma

Ýa Ýaradan Biribarym
Bu dünỳäde ähli barym
Haja gitsem ol diỳarym
Şol günleri nesip eỳle
Ata-ene meń buỳsanjym
Şu dünỳäde bar guwanjym
Yslamdyr meń daỳanjym
Kuwwatymy iman eỳle
Bu dünỳäde gezmäỳin men meỳ diỳip
Kumar oỳnap ỳüpek donuny geỳip
Zyna edip özge ỳaryny söỳüp
Günäli gezmeỳänlerden eỳle
Alyn derim bilen gezeỳin işläp
Bet ỳoldan azaşdyr sogapdan başlat
Bolaỳyn seń guluń gözümi ỳaşlap
Ebedi Jennetli şehitden eỳle
Azym kabul bolsun okan namazyń
Oldur seniń bu dünỳäde bar zadyń
Sogapdyr sünnetleń boljakdyr ỳaryń
Ýa Ýaradan meni guluńdan eỳle.